Almanyň ähmiýeti

3 Maý 2021
1070

Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanylýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, kalsiý, natriý) fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.

Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma örän peýdalydyr.

Beýleki habarlar