Möhüm medeni wakalar

1 Maý 2021
688

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Goý, täze ýyl ýer ýüzünde parahatçylygyň ýylyna öwrülsin!

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda bitirýän ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly sepgitler we beýik işler bilen şöhratlandyryljakdygyny nygtadylar.

Beýleki habarlar