Tämizlik — ygtybarly gorag

3 Maý 2021
984

Adamyň derisi bedenini daşky täsirlerden goraýar. Ol mydama täzelenip durýar. Arassa, sagdyn deri saglygymyzyň gözbaşy, şonuň üçin hem derä wagtly-wagtynda ideg etmeli. Şeýle edilende, deri sagdyn bolýar. Ýetginjeklik döwründe ol has-da idege mätäç. Çünki bu döwürde, köplenç, jahyl düwürtikleri peýda bolýar. Bu kadaly ýagdaý bolup, derä dogry ideg edilende, onuň köpelmeginiň öňüni almak mümkindir.

«Görk — agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly we dogry iýmitlenmek deriniň sagdyn bolmagyna oňaýly täsir edýär. Düzüminde köp mukdarda mal ýaglaryny saklaýan iýmit görnüşleri, şokolad, kofe, peýnir çendenaşa köp iýlip-içileninde, derä ýaramaz täsirini ýetirýär. Deriniň arassa we sagdyn bolmagyny isleseňiz, düwürtikleri özbaşdak gysmak, gaşamak, olary öý şertlerinde bejermek nädogrudyr. Sebäbi derä ýokançlaryň aralaşmagy, sowuklama getirmegi mümkin. Iň gowusy, şeýle bolanda, hünärmenlere (deri keselleri lukmanyna, kosmetologa) ýüz tutmaly. Kadaly iýmitlenmeli, arassa howada gezelenç etmeli, iş günlerini we dynç alşy sazlaşdyrmaly, ukynyň kadaly bolmagyny gazanmaly. Bedeni arassa saklamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýokumlara baý gök we bakja önümlerini iýmek deri üçin örän peýdalydyr. Esasan-da, sarymsagy, sogany, ter gök otlary, gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli. Mundan başga-da, maşgala agzalarynyň hersiniň el-ýüz süpürgiji, diş çotgasy aýratyn bolmaly.

Jeren JUMAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar