Milli saglyk ulgamynyň ösüş ýoly

2 Maý 2021
856

Döwletimizde raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, olaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny berjaý etmäge, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösmegine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu ulgamy yzygiderli ösdürmek boýunça täze maksatlaýyn işlere badalga berilmegi halkymyzy begendirýär. Çünki bu günki maksatlar ertirki günlerde durmuşa geçirilip, ösüşiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň degişli resminamasy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde bellenilen esasy wezipeleriň hatarynda bitewi öňüni alyş ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmek hem-de köpulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maksatlaýyn işler bellenilýär. Häzirki döwürde saglyk meseleleri saglygy goraýyş ulgamynyň çäklerinden çykyp, ýaşaýyş-durmuş, bilim, daşky gurşaw, ykdysadyýet, jemgyýetçilik durmuşy we medeniýeti ýaly ugurlar bilen baglanyşýar. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak halkymyzyň we her bir adamyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde möhüm orun eýeläp, gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ugurda islendik durmuş-ykdysady, zähmet, daşky gurşaw, senagat, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki meseleler çözülende, ilki bilen, adam saglygynyň bähbidiniň nazara alynmalydygy esasy görkeziji bolup durýar.

Baýram HOJAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar