Döwlet durmuşynyň möhüm ugurlary

2 Maý 2021
750

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar