Sagdyn jemgyýet — sagdyn döwlet

30 Aprel 2021
1108

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Hususan-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, özara işjeň hem-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ata Watanymyz Türkmenistanyň bu ugurda degişli halkara guramalaryň birnäçe güwänamalaryna we sertifikatlaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Berkarar döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ulgamyň mümkinçilikleri artdyrylyp, hyzmatlaryň ýokary hil ülňüsiniň üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň kämil bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen berkidilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi babatda ýokary sepgitlere ýetilýär. Öz gezeginde saglygy goraýyş ulgamynda şeýle işleri üstünlikli amala aşyrmaklyk Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.

Döwletmyrat LALLYKOW,
Tejen etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar