Sagdynlygyň mekany

30 Aprel 2021
996

Sagdynlyk — ynsan başynyň täji. «Sag başym — soltan başym» diýýän il-günümiz saglyk bilen bagly birnäçe aýtgylary döredipdir. «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun», «Görk — agyzdan, görmek — eginden», «Az iýen görkli — köp iýen dertli», «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýaly birnäçe parasada öwrülen aýtgylar il-günümiziň göwün hoşudyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaplary ynsan saglygyna bagyşlanan gymmatly eserlerdir. Saglyga synanyň täji hökmünde seretmek hökmanydyr, çünki süňňüň sagat bolsa durmuşam manyly, maksatlaryňam aýdyň bolýar. Saglyk ynsanyň ömrüni uzaldyjy güýje eýe bolan keremdir. Munuň üçin adam özi barada çynlakaý aladalanmalydyr, aşa sowuk, ajy we süýji, ýagly iýmitleri iýmekden saklanmalydyr. Ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda birnäçe saglyk merkezleri gurlup, lukmançylyk ulgamynyň işi kämilleşdirildi.

Swetlana KULIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Neşekeşligiň, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň çaga psihiatory.
Beýleki habarlar