Müň derde dermandyr üsti bedewiň

29 Aprel 2021
943

Meşhur Gippokrat hem dertden tiz sagalasyň gelse, atda gezelenç etmelidigini aýdyp geçipdir. Fransuz pelsepeçisi Deni Didro bolsa at münmegiň peýdasy barada uly bir ylmy iş ýazypdyr. Ol at münmegi fiziki maşklaryň arasynda iň peýdalysy hasaplapdyr.

At münmegiň peýdasyna şeýle uly üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi eýerde oturan adam, bir minutyň dowamynda tutuş göwresi bilen dürli ugurlara 100-den gowrak dürli hereketleri amala aşyrýar. Bu bolsa bedeniň her bir gymyldy-hereketiniň ünsde saklanylmagyny talap edýär. Şeýlelikde, ol hereketlere bedeniň ähli myşsalary goşulyşýar. Iň täsin ýeri, eýerde saklanmak üçin edilýän hereketlere bedeniň diňe sagat däl, eýsem, şikes ýeten myşsalary-da mejbury goşulyşmaly bolýar. Iň wajyp ýeri-de, adam at münmegiň lezzetinden göwni göterilip, bedeniň amala aşyrýan çylşyrymly işlerine kän bir ünsem bermeýär. Bu bolsa oňurgalaryň, bogunlaryň, süňkleriň dürli şikesleriniň has şowly we tiz geçmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň ýaly-da at münmekde düşýän agramyň netijesinde oňurgalaryň daşynda özboluşly myşsa gurşawy emele gelýär, gan aýlanyşyk gowulanýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Serdar OSMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar