Göz gyrpmak

29 Aprel 2021
1089

Her bir adam 2—10 sekunt aralykda gözüni gyrpýar. Çünki gözleriň tiz-tizden gyrpylyp durmagy bilen dideler daşky tozandyr kirşenlerden goralýar we owalar çyglylanyp durýar. Oftalmolog lukmanlaryň barlaglaryna görä, sagdyn adam bir günüň dowamynda 11-12 müň gezek, bir ýylyň dowamynda bolsa 4 milliondan gowrak gezek gözüni gyrpýar.

Haçan-da adam tolgunan pursadynda, onuň gözleriniň gyrpylmasy tizleşýär. Emma bir zada ünsüni berip işlände, surat çekende, kitap okanda, kino görende gözleriniň gyrpylmasy haýallaşýar. Kompýuteriň ekranynyň öňünde dümtünip işlenilende gözleriň gyrpylmasy iki esse peselýär. Bu bolsa gözleriň owalarynyň çyglanmagyny peseldýär, owalarda guraklygy döredýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Azat SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar