Almanyň ýokumy

29 Aprel 2021
1178

Miweleriň adam saglygy üçin peýdasy uludyr. Olaryň düzümindäki witaminler, ýokumly minerallardyr maddalar adamyň sagdyn bolmagy üçin örän ähmiýetlidir. Maglumatlara görä, miweleriň arasynda has köp ulanylýany almadyr. Almanyň sekiz müňe golaý görnüşi bardyr. Şeýle-de dünýäde her ikinji agaç alma agajydyr we bu miwe ýylyň ähli paslynda-da elýeterlidir. Munuň özi almanyň dünýäde iň kän ýaýran we halklar tarapyndan höwes bilen sarp edilýän miwedigini subut edýär.

Ýakymly ysy we süýji tagamy bilen alma uly-kiçi ähliniň halaýan miwesidir. Onuň düzüminiň dürli witaminlere we minerallara, esasan-da, demre baýdygyny bellemeli. Şeýle-de miwede organiki turşulyklar, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar, fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Almanyň ýokuma baý düzümi bedeniň keselden goranyjylyk ukybyny artdyrýar, sowuklama, dümewleme keselleriniň öňüni almaga oňat täsirini ýetirýär, bedendäki alyş-çalyş ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Almadaky ýokumly serişdeler deriniň, süňküň, görüş ulgamynyň sagdynlygyny üpjün edýär. Kalsiý boýuň ösmegine, süňküň berk bolmagyna gowy ýardam edýär. Almanyň ýürek-damar keselleriniň öňüni almak ukybynyň bardygyny aýratyn bellemelidir.

Taýýarlan Süleýman PIRGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar