Goşa toýuň şuglasy

26 Aprel 2021
834

Öňňin ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Baýramçylygyň öňýanyndaky günlerinde hem toý dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Geçen hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Penşenbe güni Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklar geçirildi hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ajaýyp baýramçylyklar mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar