Täze binalar Aşgabadyň görki

26 Aprel 2021
961

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlarymyza barýan günlerimizde mähriban Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilýän täsin binalardyr desgalar ählimiziň baýramçylyk joşgunymyzy artdyrýar, eziz Watanymyza, gözel paýtagtymyza bolan söýgümizi, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Şu ýylyň 12-nji aprelinde milli Liderimiz paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň ajaýyp binalaryny açyp berende biz has-da buýsançly pursatlary başdan geçirdik. 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nurana binasy açylyp, ol ýerde ýurdumyzyň iki palataly kanun çykaryjy edarasynyň täze düzüm bölegi bolan Halk Maslahatynyň ilkinji taryhy mejlisi geçirildi. Şeýle-de, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik dürdäneleriniň hataryny bezeýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň kaşaň binalary ulanmaga berlende, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ol ýerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz çuň manyly taryhy çykyş etdi.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudagyndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly üns berýär. Häzirki wagtda bu bankyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär we 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edýär. Hususan-da, müşderilere amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bankyň karz beriş syýasatynyň esasy ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamaga hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň köpsanly işewürlik taslamalary bankyň karz bermek goldawyndan netijeli peýdalanýarlar. Olaryň hatarynda «Ýigit» ýyladyşhana hojalyk jemgyýeti, «Mizan» gallany gaýtadan işlemek boýunça zawodlar toplumy hojalyk jemgyýeti, azyk önümlerini öndürmek boýunça köpsanly kärhanalar bar. «Döwletli — Döwran» hojalyk jemgyýeti bu bankyň karz beren serişdeleriniň hasabyna keramiki bezeg kerpiçleriniň, «Ak çeşme» hojalyk jemgyýeti bolsa haly önümçiligini ýola goýdy.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar