Halkymyzyň milli baýlygy

26 Aprel 2021
827

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylan Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip geçildi. Şu ýyl, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda milletiň öz ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlylygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyklar aýratyn öwüşgine eýe boldy. Bu gün ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimiz hem-de gaýduwsyz alabaý itlerimiz düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýän döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly işleri netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk däplerimiz täze mazmuna we ösüşe eýe boldy.

Ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek hem-de ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan degişli çäreler görülýär.

«Watan».
Beýleki habarlar