Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap

26 Aprel 2021
750

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara, şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar