Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni alalyň

26 Aprel 2021
1002

Ýiti respirator ýokanç keselleri, adyndan belli bolşy ýaly, ýiti ýokanç kesel bolup, ol syrkaw adamdan ýa-da wirus göterijiden sagdyn adama howa-damja we galtaşyk ýollary bilen geçip bilýär.

Ýiti respirator keselleri ýokanç keselleriň arasynda iň köp duş gelýän keselleriň biridir. BSGG-niň habar bermegine görä, ýokanç keselleriň 90 — 95 göterimi ýiti respirator ýokanç keselleriň paýyna düşýär. Ýiti respirator ýokanç keselleri, esasan, sentýabr aýyndan maý aýyna çenli döwürde köp duş gelýär. Uly adamlar keselçiligiň möwsüminde takmynan 3 — 4 gezek, çagalar bolsa 6 — 9 gezege çenli keselläp bilýärler.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar