Kelem

25 Aprel 2021
1266

Kelem iýmit gymmatlygy taýdan ýokary derejeli, ýokumy taýdan örän peýdaly birýyllyk gök ekindir. Onuň onlarça görnüşi bolup, olaryň ählisi-de dürli witaminlere baýdyr, adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Kelemiň düzüminde adam bedeni tarapyndan aňsat özleşdirilýän belok hem-de kletçatkalar bar. Kelemiň peýdaly düzümi gandaky holesterini hem-de süýjini sazlaýar, içegäniň işjeňligini kadalaşdyrýar. Onuň düzümi C, PP witaminlerine örän baýdyr. Şeýle-de, bu peýdaly önümiň düzüminde köp mukdarda prowitamin A, К, U hem-de holin witaminleri, B witaminler toplumy, foliý we tartron turşulygy, kaliý, kalsiý, fosfor, marganes, demir minerallary, dürli fermentler, fitogormonlar, fitonsidler bar.

100 gram kelemiň möçberi uly adamyň C witamine bolan bir günki zerurlygynyň 60 göterimini üpjün edýär. Kelemdäki beýleki önümlerde örän seýrek duş gelýän U witamininiň bolsa, aşgazan hem-de içegede duş gelýän kesellerden goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Kelem iýmit siňdiriş ulgamyna, bedende madda çalşygyna oňat täsir edýär, toksinleriň hem-de holesteriniň çykarylmagyna peýdasy uludyr. Duza ýatyrylan kelemiň suwy-da adam bedeni üçin örän peýdaly bolup, onda kelemiň düzümindäki peýdaly witaminleriň köpüsiniň ýygyndysy üýtgemän galýar. Kelem berhiz tutýanlar üçin hem örän ýeňil özleşýän iýmitdir. Kelemiň düzümindäki serişdeler ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar.

Taýýarlan Maksat HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar