Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi
Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.