Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew!

24 Aprel 2021
961

Halkymyzyň uçar ganatyna we altyn bagtyna deňelip, zamanamyzyň ösüşleriniň synmaz nyşanyna öwrülen türkmen bedewleri şöhratly pederlerimizden miras galan ajaýyp sungat eserleridir. Müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyň dowamynda halkymyzyň ykbalynda orun alan behişdi bedewlerimiziň we edermen alabaýlarymyzyň hormatyna ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary şu günlerde keremli türkmen topragynyň çar ýanyny gurşap aldy.

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Asylly däbe eýerilip, şöhratly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň abraýyny has-da beýgeltmek maksady bilen geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlaryň hatarynda saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, atçylyk bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri hem boldy.

«Watan».
Beýleki habarlar