1-nji mart. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
3-nji mart. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli soraglaryň birnäçesi hem-de beýleki meseleler boldy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.