Atçylyk sportunyň saglyga peýdasy

24 Aprel 2021
1003

Atçylyk sporty bedewler bilen aragatnaşykda bolmagyň lezzetini duýmaga, fiziki taýdan kämillige ýetmäge mümkinçilik berýän birnäçe görnüşleri öz içine alýan sportdur. At münmegiň adam saglygyna ýetirýän täsiri baradaky maglumatlara gadymy döwürlerdäki ýazgylarda hem duş gelmek bolýar. Meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Selsiý aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. Gippokrat bolsa, öz gezeginde, sussupes, tukat adamlara atyň üstünde gezim etmegi maslahat beripdir. Onuň pikiriçe, at üstünde gezim etmek adamlary erbet pikirlerden daşlaşdyrýar.

Häzirki wagtda lukmanlaryň gözlegleri ippoterapiýanyň hassalaryň tiz sagalmagyna ýardam edýändigini görkezdi. XXI asyrda lukmanlar aty eýerläp münmegiň adamyň iýmit siňdiriş, gan aýlanyş, nerw, dem alyş, endokrin ulgamlaryna oňyn täsir edýändigini, hereket agzalarynyň işini işjeňleşdirýändigini anykladylar. Şeýle-de alymlar at münmegiň ruhy sarsgynlardan aýňalmaga oňat täsir edýändigini belleýärler.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar