Milli gymmatlyklara sarpa

23 Aprel 2021
993

Şu günler Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar we çäreler geçirilýär. Ajaýyp gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam edip, täze ösüşe eýe boldy.

Şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem, şol gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar