Göwünleri galkyndyrýan işler

23 Aprel 2021
743

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Beýleki habarlar