Gyzykly oýundan gyzykly çempionata

21 Aprel 2021
1960

— Ine, se­rediň, şu aty­zy gör­ýäň­izmi? Şunuň da­şyn­dan kim bi­rin­ji aý­la­nyp gel­se, şo­lam ýe­ňi­ji bol­ýar. Düş­nük­li­mi? Ha­ny, on­da, ki­miň we­lo­si­pe­di­ne göw­ni ýet­ýän bol­sa, geç­sin ha­ta­ra!

Özü­miz­den bir­ki ýaş uly, eka­byr­rak og­lan­la­ryň mu­ny diý­dik­le­ri bes, to­zan tur­zup ýa­ry­şa go­şu­lar­dyk. Oba ýer­le­rin­de ýö­re­mä­ge (di­ňe ýö­re­mek hem däl, ýa­ryş­ma­ga) wer­ziş eden we­lo­si­ped­ler-de, ga­raz, gör­ke­zi­len aty­zyň da­şyn­dan bir ge­zek öw­rüm edip gel­ýän­çäk, alyp çy­kar­dy. Ýe­ňi­ji bo­lup, begenenim ýa­dy­ma düş­me­se-de, şol ýa­ryş­la­ra kän-kän ge­zek gat­na­şa­nym ha­ky­dam­da. Şeý­le hö­wes­jeň ýa­ryş­lar hä­zi­rem bar­dyr-la! Bi­ziň oba­myz­da­ky ça­ga­lar-a ýa­ryş­ýar şeý­dip. Ýö­ne, bu ýa­ry­şyň spor­tuň bir gör­nü­şi­di­gi­ne ula­la­ny­myz­dan soň dü­şü­nip gal­dyk. Häk, şol wagt­lar çy­ny­my­zy eden bol­sak, her bi­ri­miz­den we­los­port bo­ýun­ça tür­gen çy­kyp bil­jek eken.

Aga­gel­di ITAL­MA­ZOW,
žur­na­list.
Beýleki habarlar