Düzgünleri berjaý etmek saglygyň girewidir

20 Aprel 2021
1114

Adamlaryň dogry iýmitlenmegini, arassa we rahat ýaşamagyny, howpsuz, oňaýly şertlerde dynç almagyny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny üpjün etmek döwletimiziň ilkinji aladalarynyň biri bolup durýar. Eşretli geljegi bolan ýaş nesillerimizi ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Kompýuter we beýleki maglumat ulgamlarynyň ösmegi bilen, adamlar az hereketlilik — gipodinamiýa ýagdaýyna duçar bolýarlar. Munuň yzygiderli dowam etmegi bolsa adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň üýtgemegine we beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirip bilýär. Az hereketlilik köplenç, beýnä we nerw ulgamyna düýpli täsirini ýetirip, agramyň artmagyna, oňurganyň gyşarmagyna getirýär. Galyberse-de, soňlugy bilen adamyň durkuny, kaddy-kamatyny üýtgedýär. Bu ýüze çykýan alamatlar durnukly ýagdaýa geçenden soňra, bedeniň ähli ulgamyna zyýan edýär hem-de ýokanç we ýokanç däl keseller dowamly görnüşde saklanyp galýar.

Üns beren bolsaňyz, bu agzalan keselleriň ählisiniň başy hereketsizlikden we az hereketlilikden başlanýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, mydama hereketde bolmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýagny gün tertibiňi kadalaşdyrmak örän möhümdir. Ýöne bu çäreler adam sagat wagty başlasa has peýdalydyr. Şonuň üçin öz çagalaryňyzy bu ýola ugrukdyryp, ýaşlykdan olaryň hem gün tertibini kadalaşdyrmagyny gazanyň.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar