Garrygala çomujy

19 Aprel 2021
1292

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Garrygala çomujy — saýawanlylar maşgalasyndan boýy 80-100 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Tutuş ösümlik çalymtyl, gysga, ýumşak tüýjagazlar bilen örtülen. Baldagy, gyzylymtyl-goňur reňkli, köklek, has küti, ortasyndan oýuk sübsejige şahalanýar. Ýapraklarynyň iki tarapy hem tüýlüje. Kökýanyndakylary gysga sapakly, olaryň ülüşleriniň sudury giň üçburçly, üçe bölünen, uzynlygy 25 sm, ini 18 mm. Saýawany 15-20 şöhleli, gabarasy 10 santimetre çenli. Gül ýapraklary sary reňkli.

Ýaşaýyş aýratynlygy. Garrygala çomujy ülkämizde deňiz derejesinden 400-1200 metr belentlikde bitýär. Ol paleogen toýunda, dürli reňkli topraklarda, daşly-çagylly eňňitlerde ösüp boý almany halaýar. Ösümlik aprel-maý aýlary gülleýär, maý-iýulda miweleýär, monokarpik. Ol tohumy arkaly köpelýär.

«Sag­lyk».
Beýleki habarlar