Miweler bedene nähili täsir edýär?

19 Aprel 2021
1657

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinde getirilýän ylmy maglumatlara görä, ir-iýmişdir miweler bedeni ýaşaýyş üçin derwaýys peýdaly maddalar bilen üpjün edýär, ony kuwwatlandyrýar, işdäňi açýar, ganazlygyň, aşgazan-içege ulgamynyň näsazlyklarynyň, sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ir-iýmişdir miwelerde witaminler we minerallar çylşyrymly uglewodly beýleki önümlerdäkä seredilende köpdür. Olar düzümindäki polifenollaryň mukdary boýunça gök önümlerden öňde durýar. Mälim bolşuna görä, polifenollar güýçli antioksidantlar bolup, olar erkin radikallary zyýansyzlandyrýar, stresleriň täsirini azaldýar. Gaýnaglama garşy güýçli täsire eýe bolmagy polifenollara baý önümleri ýiti respirator wirusly ýokançlaryň, ýiti respirator we sowuklama keselleriniň bejergisiniň täsirini artdyrmak, olaryň öňüni almak maksady bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.
Ir-iýmişdir miweler kletçatkalaryň hem egsilmez çeşmesi bolup durýar. Kletçatkalaryň bolsa iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirip, aşgazan-içege ulgamynyň işine itergi berýändigi, içegeleri sagdynlaşdyrýandygy, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi bellidir.

Saglygyň, gözelligiň, juwanlygyň çeşmesi

«Saglyk».
Beýleki habarlar