Allergiýa nämeden döreýär?

19 Aprel 2021
1527

Ýazyň gelmegi bilen dürli ösümlikler gülleýär. Tebigatda her bir güljagaz tozgalaýar we başga bir ýerde köpelmek mümkinçiligine eýe bolýar. Göze görünmeýän tozgajyklaryň beden bilen galtaşmagyndan bolsa, käbir adamlarda allergiýa döreýär. Allergiýanyň bu görnüşine pollinoz diýilýär. Häzirki döwürde pollinoz iň ýaýran keselleriň biri bolup durýar. Tozgajyklar nemli bardalarda, mysal üçin, gözüň, burun boşluklarynyň, deriniň we bronhlaryň nemli bardalaryna ýelmeşip, zyýan ýetirýärler. Netijede bolsa, ýüze çykýan alamatlar sowuklama meňzeş bolýandygy sebäpli, kähalatda näsaglar özbaşdak ýalňyş bejergi alýarlar. 

Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda ilki bilen maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman başga keselleriň ýoklugyna göz ýetirenden soň allergolog lukmanyna baryp, doly barlaglardan geçmegi maslahat berer.

Sähra TUWAKOWA,
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň allergologiýa bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar