Baharda saglyk hem güllesin

19 Aprel 2021
1228

Gül-gunçalar, pyntyk ýaran daragtlar, töwerege hoşboý ysyny ýaýradyp, boý alyp ugran otlar tebigatyň görküne görk goşsa, ýaplary dolduryp akýan suwuň şildirdisi, ýaz ýagşynyň şabyrdysy, guşlaryň jürküldisi birgeňsi sazlaşyp, ajaýyp bahar mukamyny emele getirýär. Bu gözelligi synlanyňda, tebigatyň hoş owazyny, täsin mukamlaryny diňläniňde kalbyň heýjana gelip, ýüregiň rahatlanýar. Ýöne eger bedeniň, tut ýaly sagdyn bolmasa, saglygyňy ýaramazlaşdyrýan näsazlyklar ynjalykdan gaçyryp, ruhy ýagdaýyňa erbet täsir edýän bolsa, onda tebigatyň bahardaky keşbinden lezzet alyp bilmersiň. Deriniň guramagy, saçyň düşmegi, dyrnaklaryň port, döwülegen bolmagy, iýmit siňdirişiň bozulmagy, bedeniň gowşamagy, kellagyrynyň, ukuçyllyk ýagdaýynyň, göwnüçökgünligiň, sussupesligiň, gaharjaňlygyň ýüze çykmagy, ýatkeşligiň, görşüň, işdäniň peselmegi, ýagtylyga ýokary duýgurlygyň peýda bolmagy.... Bular gyş ornuny ýaza berende ýüze çykyp bilýän näsazlyklaryň doly sanawy däldir. Munuň özi bahar paslynda saglyga aýratyn üns bermelidigini ýene-de bir gezek nygtamaga, ýatlatmaga esas berýär.

Eýsem, pasyl çalşygynda ynsan saglygyna ýaramaz täsir edip bilýän üýtgemeleriň täsirinden nädip goranmaly?

Narjan ILMYRADOWA.
«Saglyk».
Beýleki habarlar