Ýaşlar — ýurduň geljegi

13 Aprel 2021
1045

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýaşlara düşündirmek we ony üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Gökdepe etrabynda degişli işler alnyp barylýar. Etrapdaky 26-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bolan duşuşykda agzalan Maksatnamany ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksat edinildi. Oňa orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr mugallymlary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda çykyşlara aýratyn orun berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky bimöçber aladasyndan nyşandyr. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmak babatdaky tagallalaryň rowaçlanmagynda bu Maksatnamanyň ähmiýeti uludyr.

Tylla BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar