Şygarymyz — sagdyn durmuş

12 Aprel 2021
1127

Pederlerimizden miras bolup gelýän sagdynlygy, ruhubelentligi bagtyýar halkymyz bu günki gün özüniň mizemez durmuş ýörelgesine öwürdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu durmuş ýörelgeleri has-da kämilleşdi we belentlige göterildi. Berkarar ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek ýaly ýörelgeler yzygiderli ösdürilýär. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlarynyň öz saglygy barada alada etmegi, döwlet tarapyndan öz saglyklaryna bolan hukugyny amala aşyrmak üçin ýaşaýyş-durmuş, zähmet, medeni-ykdysady, bedenterbiýe-sport taýdan ähli mümkinçilikler döredilen. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamak, dogry iýmitlenmek, mydama hereketde bolamak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak saglygy goramakda uly ähmiýete eýedir.

Bir maksada — berkarar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna gönükdirilýän çäreler oňyn netijesini berýär. Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň işgärleri tarapyndan hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, raýatlar bilen olaryň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, hereket edýän kanunlarymyzyň mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklary, çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Sagdyn, ruhubelent adamlar bagtyýarlyk döwrümiziň bezegidir.

Aýmämmet NOBATOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar