Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilikler

12 Aprel 2021
1899

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiz köpugurly ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna sanly ulgam doly ornaşdyrylýar. Munuň özi güýçli senagat ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynda uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa halk hojalygynyň döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilmegini we milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny zerurlyga öwürýär.

Pirmuhammet EKÄÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar