Il saglygy — ýurt baýlygy

12 Aprel 2021
1052

Hormatly Prezidentimiz saglyk barada: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris» diýip jaýdar belleýär. Ýurt Baştutanymyzyň döwletimiz boýunça alyp barýan saglyk bähbitli işleri muny aňryýany bilen tassyklaýar. Milli Liderimiziň ýerlikli belleýşi ýaly, lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, bu ulgama innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini gazanmak, aýratyn hem, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny gorap saklamak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda düýpli netijeler gazanylýar.

2020-nji ýylda Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 25 ýyl doldy. Şol geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem-de paýtagtymyz Aşgabatda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän hassahanalaryň, ylmy-kliniki merkezleriň, ýokary amatlykly şypahanalaryň birnäçesi guruldy. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen paýtagtymyzda düzümine «Ene mähri», Iç keselleri, Stomatologiýa, Endokrinologiýa we hirurgiýa, Saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezi, Göz kesellerini bejeriş merkezleri girýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti döredildi. Şeýle hem inçekeseli bejeriş-öňüni alyş, deri-wenerologiýa hassahanasy, Halkara newrologiýa, Morfologiýa merkezleri işe başlady. Diňe geçen ýylyň özünde paýtagtymyzda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň, Estetiki merkeziniň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Bagabat» şypahanasynyň hem-de Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň ulanylmaga berilmegi bellärliklidir.

Ogulgerek BEGALIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar