Kadaly we dogry iýmitlenmek

12 Aprel 2021
1029

Adam bedeniniň sagat bolmagy üçin esasy zatlarynyň biri-de kadaly we dogry iýmitlenmekdir. Kadaly iýmitlenmek — sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy düzümi. Adam dogry iýmitlenmegi netijesinde onuň saglygy berkäp, beden fiziki taýdan taplanýar. Gije-gündiziň dowamynda kabul edilýän iýmitiň üsti bilen bedene zerur önümler ýetmese, bedeniň ösüşi, madda çalşygynyň ugurlarynyň işi bozulýar.

Kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin kabul edilýän iýmite aýratyn üns berilmeli, sagdyn iýmit düzümi düzülmeli. Miwe we gök önümlerini köpräk iýmeli, witamine baý bolan iýmitleri hem yzygiderli kabul etmeli.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar