Welaýat häkimliginde bolan maslahat

12 Aprel 2021
771

Welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda şu ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanylan maslahat boldy. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçy düzümi we jogapkär işgärleri, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnagy welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Häkim hormatly Prezidentimiziň 9-njy aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirendigini, mejlisde 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalandygyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berip, mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, ol mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ähli pudaklar boýunça işleriň ýagdaýyna adalatly baha berendigi, öňde duran wezipeleri anyk kesgitländigi we degişli tabşyryklary berendigi barada aýtdy.

Beýleki habarlar