Milli demokratiýanyň esaslary rowaçlanýar

12 Aprel 2021
755

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip geçiriljek ýylynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ruhubelentligi döretdi. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Baky Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda taryhy waka boldy. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyz eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde häzirki wagtda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek barada anyk wezipeleri goýdy. Biz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň welaýatymyzyň çägindäki okruglaryna degişli deputatlar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bu taryhy duşuşykda eden çykyşynyň, öňde goýan wezipeleriniň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek we durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys.

Beýleki habarlar