Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

9 Aprel 2021
879

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Beýleki habarlar