Saglygy goraýyş ulgamynda täze sepgitler

9 Aprel 2021
798

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Beýleki habarlar