Sag başym — soltan başym

9 Aprel 2021
880

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, şeýle-de, saglygy goraýyş pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň möhüm bölegidir. Hut şu wezipeler bilen baglylykda hem lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň fewral aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Eger zerur bolsa, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmeli. Şeýle etmek bilen, biz sagdyn jemgyýeti kemala getirip bileris» diýip, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiň agzasy.
Beýleki habarlar