Geljegimiziň şamçyragy

9 Aprel 2021
1000

Sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik barada söz açylanda, ilki bilen, bedenterbiýe we sport hereketleri we bu babatdaky alnyp barylýan işler göz öňüňe gelýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglarynda, orta mekdeplerde ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerdir. Bu babatda alnyp barylýan işler biziň her birimiz üçin uly ähmiýete eýedir.

Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we ýaşyl Baýdagymyzy ýeňişli pasyrdadyp, döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar