Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

9 Aprel 2021
918

— Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň, hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmaly-da, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň aralaryny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly.

— Daşary çykylanda elleriňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Ellerini ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýany bilen götermegi endik edinen adam bu meseläni aňsatlyk bilen çözer. Olar serişdäni eline çalyp, mikroblardan goranyp biler. Şeýle-de, bu serişdeler bilen ýanyňyzda gündelik göterýän ownuk-uşak goşlaryňyzy (açar, gaýyş torba, awtobusda ulanylýan ýol karty we ş.m.), ykjam telefonyňyzy hem süpürip bilersiňiz!

Beýleki habarlar