Şanly sene mynasybetli

8 Aprel 2021
927

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Kaka etrabynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar, sport çäreleri geçirilýär. Etrabyň Duşak şäherçesindäki keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk duşuşygy hem täsirli çäreleriň biri boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary we etrap hassahanasy bilen bilelikde gurady.

Saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda milletiň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ildeşlerimizi bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmäge uly üns gönükdirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ynsan saglygyny goramak babatynda uly alada edilýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi hem ildeşlerimiziň saglygy hakynda edilýän aladanyň subutnamasydyr.

Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar