Saglygyň goragy özümize bagly

8 Aprel 2021
866

Saglyk ynsan üçin iň gymmatly baýlykdyr. Çünki adamyň başy agyryp, baldyry syzlap dursa, durmuş bilen-de, iş-alada bilen hem seri bolmaýar. Şonuň üçin janyň sagat, bedeniň berk bolmagy barada her bir adamyň alada etmegi wajypdyr.

Sagdyn, berk bedenli bolmak üçin esasy zerurlyklaryň biri-de, hereketde bolmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Bedenterbiýe, bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň ruhubelent, şähdaçyk, maksada okgunly bolýandygyny biziň her birimiz bilýäris. Çünki bedenterbiýe gaýratlylygyň, gözelligiň, syratlylygyň gözbaşydyr. Ol adamdan ýaltalygy, biperwaýlygy aýyrýar. Şonuň üçin biziň her birimiz günde irden turup, beden maşklaryny ýerine ýetirmegi durmuş ýörelgämize ornaşdyrmaly. Sanlyja wagt sarp edilip ýerine ýetirilen irki maşklar bedeniň berkligini, ýüregiň myşsalarynyň, gan basyşyň kadalylygyny üpjün edýär. Agşamlyk nahary iýlenden soň, arassa howada gezelenç etmek iýmitiň oňat siňmegine, gije rahat uklamagyňa oňyn täsir edýär.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar