Wagyz-nesihat duşuşygy

8 Aprel 2021
839

Tejen etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bu gün her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagy we üstünlikli amala aşyrylmagy, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar.

Döwletnazar TEJENOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar