Welosiped sürmegiň saglyga peýdasy

8 Aprel 2021
859

Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi bilen sportuň welosiped görnüşi eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyryldy. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän we bedenterbiýe hereketine ygrarly bolan ildeşlerimiziň gatnaşmagynda ata Watanymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş giň gerim alýar.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped söýüjileriň 3 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen okuwyň Welosiped sporty boýunça köpçülikleýin sapak hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi welosportuň ýurdumyzda täze sepgitlere ýetýändiginden habar berýär. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordunyň täzelenmegi hem sportuň bu görnüşiniň halkymyzda uly gyzyklanma eýedigine güwä geçýär. Welosport sportuň beýleki görnüşleri ýaly, adamyň hereketini işjeňleşdirýär, dem alyş, daýanç-hereket ediş ulgamyny berkidýär.

Mekan MEÝDANOW,
Arçman şypahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar