Kömelegi nädip saýlamaly?

8 Aprel 2021
997

Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün nuruna eýlenen täsin tebigat has-da gözel görnüşe girýär. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär. Meýdanlarda, sährada, gumluk ýerlerde bahar paslynyň gelenini buşlaýan kömelek bary hem güberip çykýar. Ýaz nygmaty bolan kömelegiň üýtgeşik tagamynyň bolşy ýaly, onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly bolan beloklar, mineral duzlar, fosfor turşusy, A,В,С, РР witaminleri bardyr. Şeýle-de kömelegiň düzüminde adam bedeninde siňmesi kyn bolan beloklar bolup, şol sebäpli hem haýal özleşýär.

Meýdan kömeleginiň dürli görnüşinden iýilýän we iýilmeýän kömelekleri nähili saýlamaly? Zäherli kömeleklere mahsus bolan aýratynlyklar bar, ýagny şeýle kömelegiň taýajygy inçeden uzyn, telpejikleri ýukarak bolýar. Telpejikleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden daşrak we ýazgyn ýagdaýda, reňki sary, gyzyl, açyk bolýar. Meýdanda kömelek çöplenende, örän ünsli bolmaly. Kömelekleriň görnüşleri saýlanyp bilinmedik ýagdaýynda ýa-da olaryň çöplenýän ýerleriniň ekologiýa taýdan arassa bolmazlygy bedeni zäherläp biler. Zäherleýji maddalar diňe zäherli kömeleklerde bolman, eýsem, iýilýän kömelekleriň hem käbir görnüşinde az mukdarda saklanýar. Şeýle-de bu ösümlik toprakdan we howadan dürli maddalary sorup almaga ukyply. Şonuň üçin kömelegi täzeligine iýmäge çalşyň, sebäbi ol çalt zaýalanýar.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar