Ömrümiziň ýaraşygy

7 Aprel 2021
878

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşi etrap polisiýa bölüminiň 4-nji bölümçesi bilen bilelikde 8-nji orta mekdebiň mugallymlarynyň hem-de ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlip atlandyrylan çärede edilen çykyşlarda ynsan saglygyny goramaklygyň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda esasy ugur hökmünde kesgitlenendigi, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşymyza giňden ornaşdyrmakda alnyp barylýan işleriň uludygy dogrusynda gürrüň edildi. Zyýanly endikleriň ynsan saglygyna uly zeper ýetirýändigi barada aýdylyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmelidikleri, durmuşa geçirilýän beýik tutumlara özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmalydyklary nygtaldy. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygy, röwşen geljegimiz bolan ýaşlar barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Etrek etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar