Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

7 Aprel 2021
818

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilýändigini bu ugurda alnyp barylýan düýpli işler aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitlere ýetmegini, uly üstünlikleri gazanmagyny şol işleriň netijeleri hasaplamak bolar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymatynda jemlenýär. Eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap we kämil kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Olarda bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri beýan edilmek bilen, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, oňat hilli saglygy goraýyş kömegini, hyzmatyny almaga hukuklaryň deňligi, raýatlaryň saglygyny ýaramaz endikleriň täsirinden, netijelerinden goramak baradaky kepillikler beýan edilendir.

Raşid GOŇURJAÝEW,
Türkmenbaşy etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar