Aşgabat — ak bagtyň nyşany

7 Aprel 2021
1100

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, milli binagärligiň özboluşly sungaty bolan Aşgabat Aziýanyň ajaýyp we owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda kaşaň binalardyr desgalaryň giň toplumy gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda milliligiň we häzirki zaman gurluşyk infrastrukturasynyň dünýä tejribesiniň özboluşly sazlaşygy emele gelýär. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän mermer paýtagtymyz Aşgabadyň, hakykatdan-da, Aziýanyň merjen şäheridigini doly tassyklaýar.

Aşgabat — ýurdumyzyň baş şäheri. Ol häzirki wagtda möhüm syýasy we ykdysady merkez hökmünde tanalýar we ösýär. Bu babatda milli Liderimiz: «Aşgabat biziň Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň baş şäheridir, şol ýerde täze başlangyçlar ýüze çykýar we amala aşyrylýar, möhüm döwlet çäreleri durmuşa geçirilýär» diýip belleýär. Bu bolsa iri halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän, umumadamzat bähbitli çözgütleriň kabul edilýän merkezi hökmünde Aşgabadyň halkara abraýynyň has-da uludygyna güwä geçýär.

Perman ÝANABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar