Ynsana berlen peşgeş

7 Aprel 2021
810

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeli adyl, öňdengörüjilikli syýasatynyň esasyny düzýän, türkmen jemgyýetini batly depginler bilen netijeli ösdürmäge, pugtalandyrmaga, kämilleşdirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem halkymyzyň saglygyny goramakdyr. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglyklarynyň goralmagy babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamyndaky meseleleri üstünlikli çözmek üçin ýurdumyzda halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda edilýän işler halkyň bähbidinden ugur alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, onuň durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biri, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Döwlet tarapyndan ynsan saglygyny gorap saklamak we berkitmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýöne fiziki hem ruhy saglygy gorap saklamak, berkitmek babatda her bir adamyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny-da asla unutmak bolmaz. Bedeniň fiziki işjeňliginiň pesligi (gipodinamiýa) ýokanç däl keselleriň döremek ähtimallygyny güýçlendirýär. Beden işjeňliginiň ýeterlik bolmazlygy artykmaç agramyň, semizligiň döremeginiň ilkinji esasy sebäpleriniň biridir.

Ýalkap GYLYJOW,
lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.
Beýleki habarlar