Kiwiniň saglyga peýdasy

7 Aprel 2021
942

Kiwi köpsanly ýokumlary özünde jemläp, ol häzirki wagtda adamlaryň gündelik durmuşynda sarp edýän esasy miweleriniň hataryna goşuldy. Ol ozallar diňe Hytaýyň günorta böleginde ösdürilip ýetişdirilipdir. Soňra Beýik Ýüpek ýoly arkaly dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrapdyr. Wagtyň geçmegi bilen käbir döwletlerde bolsa, kiwiden ýakymly ysly ajaýyp çaýlar hem taýýarlanylypdyr.

Halk lukmançylygynda kiwi gyzzyrmanyň, iýmit siňdiriş we wirus ýokanjynyň öňüni almak üçin giňden ulanylypdyr. Ol adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmekde hem örän ähmiýetlidir. Kiwiniň düzüminde uglewodlar, kalsiý, magniý, kaliý we C, E ýokumlaryň köp mukdary saklanýar.

Şirin ATAMYRADOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar